Название: UC Browser v7.8.0.95 Описание : UC Browser v7.8.0.95 – umumy häsiýetnamasy:1.Sahypany gysmak tehnologiýasy – Bu tehnologiýa arkaly UC Browser bilen trafigi 90%-e çenli tygşytlap bilersiňiz.2.Internete durnukly elýeterlilik – Free-link hususy tehnikasy ulgama durnukly ýagdaýda simsiz birikmäge mümkinçilik berýär. Ýagny, siz internetiň haýal işleýän ýerlerinde (ýa-da wagtynda) hem internetde bolup bilersiňiz.3.Köp penjirelilik – Öz islegiňize görä, birnäçe sahypalara ýa-da penjirelere geçip bilersiňiz. Ýagny, bir wagtda birnäçe saýta girip bilersiňiz.4.Ýükleme menejeri – Bir wagtyň özünde iki faýly ýükläp we internetiň kesilen ýagdaýynda hem ýüklemegi dowam etdirip bilersiňiz. Bu bolsa öz gezeginde wagty we trafigi tygşytlamaga ýardam berýär.5.Öňden görme – Bu usul ulgama birikmegiň tizligini artdyrýar. 6.Şahsy howpsuzlyk – UC Browser ulanyjy parollaryny dolandyrmagy we kuki-keşleri saklamagy ýerine ýetirýär. 7.Bellikler we taryh – Bellikleri we serediş taryhyny goldaýar. Ýagny, siz öz köp girýän saýtlaryňyzy belliklere goşup bilersiňiz, öz giren saýtlaryňyzyň taryhyny görüp bilersiňiz.8.URL salgyny özbaşdak tamamlamak – UC Browser saýtyň salgysyny girizmegi özbaşdak tamamlaýar. Ýagny, size käbir saýtlaryň domen salgysyny (.com, .cn, .com.cn, .net, .org) girizmek gerek bolmaz.9.Seredip görme režimi – Ekrany adaptirläp we Ulaltma režimini ulanyp bilersiňiz.10.Suratlary we sahypalary ýatda saklamak – Suratlary we sahypalary öz telefon enjamyňyzyň ýadynda saklap bilersiňiz.11.Faýl menejeri – Öz telefon enjamyňyzyň ýadyndaky faýllary UC Browser arkaly dolandyryp bilersiňiz.Dili: RusResmi saýty: www.uc.cnÝokarda sanalanlar brauzeriň ýönekeýje mümkinçilikleri. Bulardan başga-da brauzeriň mümkinçilikleri örän köpdür. Beýleki wersiýalaryndan tapawutlylykda bolsa bu wersiýanyň esasy aýratynlygy biziň ýurdumyzda işleýänligidir, şeýle-de çalt işlemegi we trafigi 90%-e çenli tygşytlamagydyr. Добавлено : 11 фев 2016